Lebap welaýatynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş işleri geçirilýär

19.07.2021
Lebap welaýatynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş işleri geçirilýär

Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda we şäherlerinde ýokanç keselleriň öňüni almaga bagyşlanan düşündiriş işleri geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň ýerlerdäki düzümleri saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen bilelikde edaralarda, kärhanalarda ilatyň dürli gatlaklary bilen bu meselä bagyşlanan duşuşyklary guraýarlar. Olarda ýokanç keselleriň görnüşleri, olaryň geçiş ýollary barada düşünjeleri berýärler. Kesellerden goranmagyň, öňüni alyş we zyýansyzlandyryş serişdelerinden peýdalanmagyň usullaryny öwredýärler, keselleriň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda nirä ýüz tutmalydygyny aýdýarlar. Agyz-burun örtüklerini dakynmagyň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň, howpsuz aralygy saklamagyň möhümdigini düşündirýärler. Düşündiriş işleri köpçülikleýin habar serişdelerinde hem işjeň alnyp barylýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler welaýatda «COVID-19»-a garşy sanjymlar alnyp barylýar. Oňa 18 we ondan uly ýaşly adamlar çekilýär. Welaýatda sanjymlaryň gerekli mukdardaky gory döredildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.