Ak mermere beslenen Aşgabat

11.05.2021 58
Ak mermere beslenen Aşgabat

   ,,Türkmenistan - Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylynda ýurdumyzda toýlar toýlara ulaşýar. Watanymyzyň at-owazasy älem içre dabaralanýar. Ak mermere beslenen Aşgabat hem gözelligi we haýran galdyryjy binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny goýnunda jemläp, ylalaşdyryjy merkez hökmünde dost- dogana gujak gerýär.

   Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýunnyň goşalanyp gelmegi bolsa her türkmenistanlynyň göwün guşuny asmana uçurýar. Belent- belent ymaratlar,ajaýyp desgalar, göreni haýran edýän suw çüwdürimler, ak ýollar, bagy-bossanlar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Şeýle binalaryň birnäçesiniň täsinligi, gözelligi we kaşaňlygy babatda 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermere beslenen şäher hökmünde Ginnisiň rekodlar kitabyna girizilmegi bolsa munuň halkara derejesinde ykrar edilmegini aňlatýar.Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda 25-nji maý - Aşgabat şäheriniň güni diýilip yglan edildi.Munuň özi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda alnyp barylýan il- ýurt bähbitli işleriniň dowamydyr.

   Bagtyýar durmuşymyzyň şuglasy hasaplanýan nurana paýtagtymyzy bu gün görmäne göz, waspyny ýetirmäge söz gerek. ,,Aziýanyň merjen şäheri“ diýlip ykrar edilen Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň sünnäläp döreden sungat eseri. Onuň günsaýyn gözelleşýän ajaýyp keşbi, ertekilere mahsus täsinlikleri bolsa ynsanlaryň ylham çeşmesi, döredijiligiň beýik nusgasydyr.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.