Lebap welaýatynyň ykdysady ösüşleri

06.05.2021 71
Lebap welaýatynyň ykdysady ösüşleri

   Lebap welaýaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Günorta-Gündogarynda ýerleşmek bilen, onuň tutýan meýdany 93,73 müň inedördül kilometre deň bolup, ýurdumyzyň umumy tutýan meýdanynyň 19,1 göterimine deňdir. Welaýatyň bol suwly Amyderýanyň kenarynda ýerleşmegi sebitde oba hojalyk pudagynyň, şeýle hem gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň uly gorunyň bolmagy senagatyň ösmegine giň mümkinçilikler döredýär. Welaýatyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan sebit we tutuş Ýewroaziýa üçin örän amatly bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy, medeni ulgamlar boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga, sebitde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer, dosdana syýasatyny durmuşa geçirmäge aýratyn şertler döredýär.

   Lebap welaýatynyň senagat pudagy bilen ýokary depginde ösýär. Durnukly ösüş esasan täze döredilen we durky täzelenen önümçilik kuwwatlyklarynyň hasabyna amala aşyrylýar. Welaýatda Türkmenistanda ähli öndürilýän önümçilikden tebigy gazyň 39 göterimi, mineral dökünleriň 14 göterimi, pagta süýüminiň 25,6 göterimi, etiň 24 göterimi, gaplanan gök we miwe önümleriniň 26 göterimi we beýleki zerur önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Welaýatyň senagat pudaklarynyň önümçiliginiň esasy bölegi Türkmenabat şäheriniň, Dänew hem-de Köýtendag etraplarynyň paýyna düşýar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösüş babatynda möhüm ähmiýete eýedir. Welaýatyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwaty bir million tonna deň bolan sement zawodynyň, Türkmenabat şäherinde bir wagtda ýüz müň tonna dänäni saklamaklyga niýetlenen elewatorlaryň, ýylda segsen müň tonna un öndürýän önümçilik toplumynyň, Amyderýanyň üstünden gurlan Gündogar bilen Günbatary, şol sanda döwletleri we milletleri birleşdirýän we doganlaşdyrýan demirýol we awtoulag köprüleriniň bäşisiniň gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle hem Kerki-Ymamnazar-Akina demirýol ulgamynyň çekilmegi welaýatyň, şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösmegine aýratyn uly ýardam edýär.

Welaýatda suwarymly ýerleriň umumy meýdany 291,9 müň ga deň bolup, şolardan 120 müň ga gowaça, 157 müň ga-da bugdaý, galan ýerlerinde bolsa, gök- bakja önümleri, ýeralmasy hem-de şaly ekilýär. Welaýatyň Türkmenabat şäherinde we etraplarynda Hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen iň kämil enjamlar ornaşdyrlan pagta we pamyk egriji döwrebap fabrikleriň dördüsi gurlup ulanylmaga berildi.

2016-njy ýylda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Halaç etrabynyň Garabekewül şäherinde ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan pagta arassalaýjy hem-de tohumlyk pagta çigidini taýýarlaýan döwrebap kärhana işe girizildi. Welaýatyň medeni-durmuş ulgamynyň hem okgunly ösüşlere eýedigini bellemek buýsançlydyr. Türkmenabat şäherinde köpugurly söwda bazary, Senagatçylar we telekeçiler birleşigine degişli bolan “Lebap” söwda we dynç alyş merkezi hereket edýär. Welaýat merkezinde döwrebap “Bagt köşgüniň”, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ilata edýän döwrebap hyzmatlary hem aýratyn bellärlikdir.

   Lebap welaýatynda Hormatly Prezidentimziň taýsyz tagallalary bilen döwrebap binalarda ýerleşýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen umumy bilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň, hassahanalaryň, şol sanda köpugurly welaýat hassahanasynyň, “Farap” şypahanasynyň, medeniýet öýleriniň, sport mekdepleriniň, desgalarynyň, stadionlaryň şeýle-de ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň, medeni ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamalarydyr. Sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge ukyply dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň gurlup ulanylmaga berilmegi bolsa, ýurdumyzyň ulag infrastrukturasynyň ösüşlerine aýratyn uly goşant boldy.

   Hazirki wagtda hem welaýatyň çäginde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen önümçilik desgalarynyň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň uly toplumynyň gurluşyklary ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.