Tebigy gazyň ýene bir senagat akymy alyndy

05.07.2021 121
Tebigy gazyň ýene bir senagat akymy alyndy

Malaý gaz käninde burawlanan guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu ýerde burawlaýyş işlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburaýlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Täze guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde 400 müň kub metrden hem gowrak tebigy gaza barabardyr.Çärjew etrabynyň Malaý gaz käninde çykarylýan tebigy gazyň mukdaryny artdyrmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň başynda kände täze gaz gysyjy desga ulanylmaga berilipdi. Netijede gaz ýataklaryndaky tebigy gazy has doly möçberde gyzyp çykarmaga mümkinçilik döredilipdi.Ýakynda Malaý gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Agar guýy ýatagynda guýularyň ikisi ulanyşa taýýar edildi. Şeýle guýularyň ýene birini burawlamak işi alnyp barylýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.