Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasy açyldy

26.06.2021 196
Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasy açyldy

23-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow lebap welaýatynyň merkezinde täze gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy. «Türkmeniň ak öýi» ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy. Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar. «Türkmeniň ak öýi» uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär. Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi. «Türkmeniň ak öýi» ýurdumyzyň şähergurluşygynyň häzirki talaplaryny hem-de milli binagärligiň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly guruldy. Bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen halkynyň özüniň taryhy-medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň, döwürleriň arabaglanyşygynyň hem-de gadymdan gelýän milli däpleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.