125 kilometr uzynlykdaky gaz geçirijisi täze elektrik bekedini ýangyç bilen üpjün eder.

06.09.2021 19
125 kilometr uzynlykdaky gaz geçirijisi täze elektrik bekedini ýangyç bilen üpjün eder.

Üçajy gaz käninden Çärjew etrabyndaky täze işe girizilen elektrik bekedine çenli çekiler 125 kilometr uzynlykdaky gaz geçirijisi täze bekedi «mawy» ýangyç bilen üpjün eder.

Ony «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň hünärmenleri çekdiler. Gaz geçirijisi «Türkmengaz» döwlet konserniniň Russiýa Federasiýasynyň «Трубная Металлургическая Компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «GAZPROM Schweiz AG» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda ýokary hilli turbalar bilen üpjün edildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.