Alamberdar kümmeti

23.04.2022 60
Alamberdar kümmeti

       Kerki şäherinden 12 kilometr uzaklykda “Muntasyryň kümmeti” ýerleşýär. Ony Alamberdaryň ýa-da “Baýdak göterijiniň” mazary diýip hem atlandyrýarlar. Rowaýatlarda onuň hezreti Alynyň döwründe harby serkerde bolandygy aýdylýar. ХI asyryň binägärçiliginiň iň gowy nusgalarynyň biri bolan Alamberdaryň kümmetiniň özboluşly arhitektura gurluşy bar.