«Bagtyýar döwrüň zehinli nesilleri» atly bäsleşiginiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi.

05.05.2021 52
«Bagtyýar döwrüň zehinli nesilleri» atly bäsleşiginiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi.

   Golaýda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde yglan eden «Bagtyýar döwrüň zehinli nesilleri» atly bäsleşiginiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi. Şadyýan bäsleşik ösüp gelýän ýaş nesliň sungata, çeper döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olaryň ählitaraplaýyn kämil nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň 3—7 ýaşa çenli bolan zehinli körpeleri gatnaşdylar. Eminleriň gelen netijelerine görä, birinji we ikinji orunlary eýelän zehinli körpeler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.