Bäsleşik geçirildi

03.05.2022 67
Bäsleşik geçirildi

      Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde  Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň  arasynda iňlis dili dersinden "Researсh and know English" atly festiwaly geçirildi. 

     Geçirilen bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup 1-nji tapgyr 2 şertden ybarat, 2-nji tapgyr 4 şertden ybarat bolup ähli şertler iňlis dilinde ýerine ýetirildi. Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebi I orna, Türkmenabat şäheriniň  daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebi II orna, Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebi III orny eýelediler. 

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.