Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda geçirilen döredijilik duşuşygy «Milli mirasym — ruhy hazynam» diýlip atlandyryldy.

26.12.2020 193
Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynda geçirilen döredijilik duşuşygy «Milli mirasym — ruhy hazynam» diýlip atlandyryldy.

Bu ýerde çykyş eden mirasgärler we kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň mazmuny we milli mirasymyz, gadymy gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz, sungatymyz barada gyzykly söhbet etdiler.

Şonuň ýaly-da olar halkymyzyň arasynda saklanyp galan edebi ýadygärlikleri öwrenmegiň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtap geçdiler. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Mirasymyz — mertebämiz» atly sergi bilen hem tanyşdylar. Amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklar sergä tomaşa edenlerde uly gyzyklanma döretdi. Döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet işgärleri milli mirasymyz bilen baglanyşykly döreden şygyrlaryny okadylar. Guralan kitap sergisinde metbugat makalalaryna we ylmy-çeper edebiýatlara uly orun berildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.