Farap şypahanasy

05.05.2021 85
Farap şypahanasy

   Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda türkmen halkyna sowgat beren döwrebap “Farap ” şypahanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden demirgazyk-günbatarda 20 kilometr uzaklykda Amyderýanyň sag kenarynda - Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýär. Bu ajaýyp şypahana 250 orunlyk bolup, baş bina 3 gatly 200 adama, ikinji bina 2 gatly 50 adama niýetlenen. Otaglarda raýatlaryň rahat ýaşamagy we oňat dynç almagy üçin ähli amatly şertler döredilen. Taryhy maglumatlara görä, 1958-nji ýylda geologiýa barlag ekspedisiýasy tarapyndan nebit-gaz gözleg işleri geçirilende 3 sany 900 metr çuňlukdan öz akymyna çykýan minereral suwly guýy ýatagy açylýar. 1-nji guýynyyň esasy bejeriş serişdesi sulfat- hloridli natrili, minerallaşmasy boýunça kesgitlenilýän topara degişlidir. Guýularyň suwunyň täsiri ion düzümi we minerallaşmasy boýunça kesgitlenilýän ýerasty suwlaryň toparyna degişli bolup, sulfat- hloridli natrili, gowşak aşgarly, subtermal, kükürtwodorodyň ujypsyz mukdaryny saklaýar. Farabyň mineral suw çeşmesi, onuň düzümi, bejerijilik täsiri alymlar T.G. Hojageldiýew, W.F.Kazakow tarapyndan içgin öwrenildi. Bu çeşmäniň adam bedenine şypaly täsir edýändigi ylmy esasda tassyklanyldy. Şonuň bilen birlikde Farabyň mineral suwy “Türkmengeologiýa” korporasiýasynyň merkezi önümçilik barlaghanasynda ymykly öwrenilip, onuň düzüminde D.I.Mendeleýewiň periodik tablisasyndaky 32-den gowrak mikroelementleriň bardygy anyklanyldy. “Farap” şypahanasynyň dertlere derman suwy fiziki-himiki we mineral düzümi boýunça “Izewskiý”, ”Nowoizewskiý”, ”Soloniha” (Russiýa) şypahanalarynyň mineral suwlarynyň ion düzümi bilen kybapdaşdyr. Bu şypahana 60 ýyldan bäri bejeriji mineral suwy bilen ýörite lukmanlaryň gözegçiligi esasynda aşgazan-içege, ýürek-damar, nerw, daýanç-hereket, endokrin, ginekologiki, bagyr-öýken ýollary bilen baglanyşykly keselleri bejerip, ilata hyzmat edýär. Raýatlarymyz 1985-2002-nji ýyllar aralygynda “Farap” şypahanasynyň öňki köne binasyndan peýdalandy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda täzeden gurlup ulanylmaga berlen “Farap” şypahanasy balneologiki (suw bilen) bejeriş şypahana toparyna degişli. Bu ajaýyp şypahana anyklaýyş, bejeriş we mineral suw bilen bejeriş bölümlerini öz içine alýar.

Şypahananyň anyklaýyş bölümi: rentgen, endoskop, ultrases barlag, elektrokardiograf, diş lukmanyň otagynda äň süňkleriniň ýerli we panoram rentgeni, kliniki- biohimiki barlaghana enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Bu ýerde aşgazan, içege, öt ýuwýan, ingalýasiýa, fizioterapiýa, wulkan we mollagara palçygy bilen bejeriş otaglary hem näsaglara hyzmat edýär.

Bejeriş bölüminde: fitobar, fizioterapiýa, owkalama, iňňerefleks, ginekologiki we bejeriş bedenterbiýe otaglary bar.

Suw bilen bejeriş bölüminde: Şypahananyň dertlere derman mineral suwy bilen wanna, howuz, şarko duşy, içege ýuwmak, aýlawly duş, ýapgylar hem-de bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler esasynda taýýarlanylýan rahatlandyryjy wannalar näsaglara hödürlenýär. Geljekde bu ýerde täze bejergileriň birnäçesini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. “Farap” şypahanasynda Arkadag Prezidentimiziň “Türkmenistan-melhemlermekany”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ajaýyp kitaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli tebigy bejeriji serişdeleri (mollagara palçygy, deňiz duzlary, wulkan palçyklary, dermanlyk otlary) bilen toplumlaýyn bejergiler ýola goýulandyr.

Görkezmeler:

Ýürek- damar ulgamynyň keselleri: I-II derejeli arterial gipertoniýa, ýürek işemiýa keseli, miokardiodistrofiýalar.
Nerw ulgamynyň keselleri: Merkezi we çetki nerw ulgamlarynyň ingiler, newritler, doga we ýolugan nerw ysmazlyklary, insult geçiren näsaglar.
Endokrin ulgamynyň keselleri: Süýjüli diabet, galkan sekilli maziniiň (Gipotireoz) klimakteriki disgormonal bozulmalar.
Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri: Dowamly gastrit, duodenit, pankreatit, holesistit, öt ýollarynyň diskineziýasynda, inçe we ýogyn içegäniň dowamly sowuklama kesellerinde.
Daýanç-hereket synalarynyň kesellerinde: Dowamly artritler, rewmatiki poliartritler, spondiloartritler.
Deri keselleri: Psoriaz, neyrodermitler, ekzemalar, dermatitler.
Garşy görkezmeler:
1.Ähli keselleriň ýiti döwri.
2.Ýurek-damar keselleriň dekompensasiýa döwri.
3.Gan aýlanyşygyň bozulmasynyň III–nji derejesi.
4.Howply täze döremeler.
5.Inçe kesel.
6.Hirurgiki bejergini talap edýän öt we böwrek daş keseli.
7.Ýokanç keseller.
8.Göwrelilik.
9.Ganakma
Biziň salgymyz: Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň “Hanoba” geňeşliginiň Goý-gala obasy.
Habarlaşmak üçin tel : 80042231233.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.