«Gelin ýöreýşi» atly oýun sahnalaşdyryldy

05.05.2021 33
«Gelin ýöreýşi» atly oýun sahnalaşdyryldy

   Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Gelin ýöreýşi» atly oýun sahnalaşdyryldy. Lebap sebitinde irki döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän adybir dessan esasynda sahnalaşdyrylan oýnuň režissýory Perhat Hudaýberenowdyr.

   Saz sungatynyň taryhy bilen baglanyşykly sahnalaşdyrylan oýunda Nowgül atly sazanda gyzyň ykbaly, türkmen dutarynyň şabram şelpeleriniň dertleri dep edýän güýji bilen baglanyşykly wakalar çeper beýan edilýär. Welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligi mynasybetli sahnalaşdyrylýan oýunda Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejepow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow, şeýle-de artistler Jeren Nazarowa, Jemal Saparowa dagy esasy keşpleri ýerine ýetirýärler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.