Halaçly zenanyň öý muzeýindäki gymmatlyklaryň sany 2 müňden hem geçdi

03.08.2021 114
Halaçly zenanyň öý muzeýindäki gymmatlyklaryň sany 2 müňden hem geçdi

Halaç etrabynyň Esenmeňli obasynyň ýaşaýjysy Dursun Jumaýewanyň mundan 40 ýyldan hem gowrak ozal döreden öý muzeýindäki gymmatlyklaryň sany 2000-den hem geçendigi barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşirde çap edilen söhbetdeşlikde hem nygtalyşy ýaly, ol bu işe geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda girişipdir. «Bir gezek bir öýe myhman bolanymda, keçäniň üstünde ýatan, sahypalary zaýalanan harby bilede gözüm düşdi. Gyzyklanma bilen ony elime alyp görsem, ol öý bikesiniň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gaýyn atasyna degişli eken. Ine, şol harby bilet hem meniň öý muzeýimiň ilkinji gymmatlygy boldy. Soň nirede bir taryhy zat görsem ýygnaberdim» diýip, öý muzeýiniň eýesi gürrüň berýär.

Söhbetdeşlikde aýdylyşy ýaly, bu öý muzeýinde mundan bir-iki asyr ozala degişli gymmatlyklar hem bar. Olaryň arasynda hojambazly Baba Mergen diýen şahsyýete degişli hyrly, Güljemal han tarapyndan sowgat berlen hanjar, 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşundan galan hatlar we beýleki gymmatlyklar bar. Halaçly zenanyň öý muzeýi üç otagy eýeleýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.