Halk maslahaty-beýik maksatlaryň rowaçlanmagy

14.09.2026 2
Halk maslahaty-beýik maksatlaryň rowaçlanmagy

     Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35-ýyllyk toýunyň öňi syrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda “Halk maslahaty- beýik maksatlaryň rowaçlanmagy” atly maslahat geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler halk bähbitli çözgütler, döwletli tutumlar, anyk maksatlar, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar “Bagtyň binýady, rowaçlygyň çyragy” atly kitap sergisine syn etdiler. Işlemäne, okamana döredip berýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.