Hormatly Prezidentimiziň kararlary durmuşa geçirilýär

29.12.2020 117
Hormatly Prezidentimiziň kararlary durmuşa geçirilýär

Oba hojalygyndaky täze özgertmeler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi we onda hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny salgy beren teklipleriniň esasynda Halk Maslahatynyň çykaran Kararlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hut biziň welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda 2018 — 2019-njy ýyllarda döredilen oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryna degişli ekerançylyk ýerlerinden raýatlaryň 392-sine 107926 gektar ýer bölekleri 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanylmaga berildi. Şol ýerlerde hem hususyýetçiler tarapyndan döwlet tabşyrygy boýunça gowaça, bugdaý we gök-bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilip, döwlete tabşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda ýene-de bir möhüm resminama — «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda welaýatymyz boýunça daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerinden 40677 gektar meýdandan ybarat oba hojalyk maksatly ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy. Şunça möçberdäki ýerler hususyýetçilere paýlanylyp berler.

Kararda görkezilen ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini sürümli ekerançylykda peýdalanylýan we ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de berlen umumy ýer bölegi üçin döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde önüm öndürijilere 99 ýyla çenli peýdalanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen şertler köpýyllyk agaçlaryň ekilen meýdanlaryna degişli däldir. Ýer böleklerini alan önüm öndürijiler döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny öndürmek boýunça bellenilen meýilnamadan artyk öndüren önümlerini isleglerine görä öz garamagynda galdyryp ýa-da döwlet satyn alyş nyrhlaryndan döwlete tabşyryp bilýärler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütleri esasynda oba hojalygyndaky özgertmeler ýene-de dowam etdirilýär. Ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak maksady bilen oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işi üstünlikli ýaýbaňlandyrylýar. Şu maksat bilen welaýatymyzda hususylaşdyryljak daýhan birleşikleriniň sany kesgitlenildi. Oňa laýyklykda Dänew etrabynda daýhan birleşikleriniň 8-si, Farap etrabynda daýhan birleşikleriniň 2-si, Halaç etrabynda daýhan birleşikleriniň 6-sy, Hojambaz etrabynda daýhan birleşikleriniň 2-si, Kerki etrabynda daýhan birleşikleriniň 6-sy, şeýle hem Halaç etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň Kerki etrabynyň «Gülüstan» ýaýlasynda ýerleşýän bölegi, Döwletli etrabynda daýhan birleşikleriniň 4-si hususylaşdyrylar.

Ýerleri hususyýetçilere bölüp bermek işi daýhan birleşikleriniň käbirinde dolulygyna, käbirinde bolsa bölekleýin amala aşyrylar. Bu işlere eýýäm guramaçylykly girişildi. Paýlanylyp berlen ýerleriň maksadalaýyk ulanylyşyna kanunçylyga we ýörite tassyklanylan Tertibe laýyklykda gözegçilik ýola goýulýar we ýörite talaplar bildirilýär. Ýerler paýlanylanda, önüm öndürijileriň üç ýylyň dowamynda gazanan iş görkezijileri göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýeriň hakyky eýesini tapmaga ýardam berýär.

Oňyn özgertmeler oba hojalyk pudagyna ösüşleri getirýär, welaýatyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny artdyrýar, ykdysady mümkinçilikleriň uly toparyny herekete getirýär. Özgertmeleriň esasy maksady, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, ýeriň hakyky eýesine gowuşmagyny üpjün etmekdir, şeýle hem ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek, önüm öndürijileriň zähmetleriniň netijeliligini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi oba hojalyk zähmetkeşleriniň täze şertlerde ýokary hilli we öndürijilikli işlemek ukyp-başarnyklaryny hem baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz önüm öndürijileriň daşary ýurtlaryň kuwwatly tehnikalaryny edinmekleri üçin hem örän amatly şertleri döredip berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, şol sanda ekerançylyk pudagyndaky mehanizmleşdirilen işlerde ulanmak üçin häzirkizaman ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryna telematik ulgamlar arkaly dolandyrylýan sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak yzygiderli dowam etdirilýär. Ekerançylykda Fransiýanyň «Monosem» sekiz hatarly takyk ekijileri gowaça ekişinde giňden ulanyldy. Takyk gowaça ekijileriň oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrylmagy hususy ýer eýeleriniň zähmet görkezijilerini has gowulandyrar.

Amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has gowulanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Obasenagat toplumyndaky özgertmeler ösüşlerimiziň sazlaşykly ilerlemegi üçin pugta binýat bolup hyzmat edýär.Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen has çuňlaşdyrylyp, giň gerimde dowam etdirilýän ykdysady syýasat welaýatymyzyň oba zähmetkeşleriniň mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşlerine şahsy goşantlaryny goşmak hyjuwlaryny ýene-de güýçlendirýär.

Çary Ýoldaşow

Lebap welaýat häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirliginiň başlygy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.