Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasyna gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne kärendä ýer bölekleri bermek bellenildi

02.10.2021 19
Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasyna gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne kärendä ýer bölekleri bermek bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji Kararyna laýyklykda, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna hem-de “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama laýyklykda işleýän Hytaýyň “International Ltd.” Milli nebitgaz korporasiýasyna Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitiniň “B” böleginiň günbatar tarapynda ýerleşýän gaz känleriniň ýerüsti desgalarynda suw üpjünçiligini gurnamak üçin umumy meýdany 26,55 gektar, şol sanda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäklerinde Amyderýa ýanaşyk suw toplanýan desgany gurmak üçin meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwründe, suw geçiriji we oňa ýanaşyk ýollary gurmak üçin meýdany 8,55 gektar ýer bölegini gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne kärendä bermek bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugyna Lebap welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ýer bölegini bermek baradaky namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.