„Iki palataly ulgam- demokratik ösüşleriň ygtybarly hukuk binýady“

21.05.2021 21
„Iki palataly ulgam- demokratik ösüşleriň ygtybarly hukuk binýady“

Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda „Iki palataly ulgam- demokratik ösüşleriň ygtybarly hukuk binýady“ atly temada wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä etrabyň bilim we saglyk ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegi, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen Konstitusiýa laýyklykda „Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda“ kanunyň kabul edilendigi, saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalaryň girizilendigi hakynda hem aýratyn bellenip geçildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.