Kerki ― Şibirgan elektrik geçirijisi owganystanlylaryň 9 millionysyny elektrik energiýasy bilen üpjün eder

16.01.2021 91
Kerki ― Şibirgan elektrik geçirijisi owganystanlylaryň 9 millionysyny elektrik energiýasy bilen üpjün eder

Kuwwaty 500 kilowatt bolan Kerki-Şibirgan elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegi bilen, Owganystanda elektrik energiýasyny ulanýan adamlaryň sany ýurt boýunça 9 milliona çenli artar. Bu bolsa, Owganystany ygtybarly elektrik togy bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Bu barada täze geçirijiniň açylyş dabarasynda edilen çykyşda habar berildi. Eksport energiýasynyň ugurlaryny giňeltmäge hem-de olaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik döretjek elektrik geçiriji ulgamyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ak pata berdi. Ýeri gelende aýtsak, bu taslamanyň çäklerinde Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik bekedi, kuwwaty 500 kW bolan “Kerki” podstansiýasy hem-de türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgam guruldy. Öz nobatynda, owgan tarapy öz çäginde türkmen elektrik energiýasyny kabul etmek üçin zerur bolan desgalary gurdy. Birinji tapgyrda ol Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine iberiler. Ikinji tapgyrda—2022-nji ýylyň başyna –Puli-Humri we Kabul şäherlerine iberiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.