Lebap welaýatynda hasyl toýy bellenildi

16.11.2021 23
Lebap welaýatynda hasyl toýy bellenildi

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem hasyl toýy dabaraly ýagdaýda bellenildi.

320 müň tonna pagta; 310 müň tonna bugdaý; 211,2 müň tonna gök önümler; 133 müň tonna bakja önümleri; 107,5 müň ýeralma; 42,5 müň tonna miweleriň we ir-iýmişleriň dürli görnüşleri hem-de limon; 17,5 müň tonna üzüm; diri agramda 118,6 müň tonna et; 522,8 müň tonna süýt; 199 million ýumurtga; 7,4 müň tonna ýüň; 268,7 tonna bal.

Lebap welaýatynyň oba hojalyk işgärleri özleriniň hünär baýramyna şeýle görkezijiler bilen geldiler. Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralara Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky meýdançada badalga berildi. Bu ýerde guralan sergide eksponatlarda oba hojalygynda gazanylan sepgitler giňden beýan edildi. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler hem dabara gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Sergide beýleki önümler bilen bir hatarda ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ýetişdirilen papaýa we banan hem goýlupdyr.

Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk işgärlerine iberen Gutlagy okaldy.Edilen çykyşlarda oba hojalygynda, şonuň ýaly-da ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň edildi. 

Şu ýyl oba hojalygynda ýokary netijeleri görkezen hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Aýly gije» atly telewizorlar gowşuryldy. Ol Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynda öndürildi.

Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan baýramçylyk konserti boldy. Joşgunly aýdymlar belentden ýaňlandy, göwün göteriji tanslar ýerine ýetirildi. Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri hasyl toýuna bagyşlap taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasyny görkezdiler.

Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ähli etraplarda hem geçirildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.