Lebap welaýatynda söwda we okuw merkezleriniň işi dikeldildi

11.03.2021 89
Lebap welaýatynda söwda we okuw merkezleriniň işi dikeldildi

1-nji martdan Lebap welaýatyndaky iri söwda merkezleriniň üçüsi we bir sany okuw merkeziniň işi gaýtadan dikeldildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetiniň şu günki sanynda berlen bildirişde şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2021-nji ýylyň 28-nji fewralynda geçiren mejlisiniň kararyna laýyklykda 2021-nji ýylyň mart aýynyň 1-inden welaýat Köpugurly söwda bazary, Türkmenabat şäherindäki «Lebap» dynç alyş we söwda merkezi we Kerki şäherindäki Kerki etrap alyjylar jemgyýetine degişli «Altyn asyr» bazary açylyp, işe başlady. Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki «Tälim» hususy kärhanasyna degişli we «Rowaç» tölegli okuw merkezleriniň işe başlandygyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris». Mejlisiň karary bilen Aşgabat ― Türkmenabat ― Aşgabat ugry boýunça hepdede bir gezek demir ýol gatnawynyň hem açylandygyny hem ýatladýarys.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.