Lebap welaýatyndaky oba hojalyk tehnikalary we gurallary gowaça ekişine taýýarlanylýar

13.01.2021 118
Lebap welaýatyndaky oba hojalyk tehnikalary we gurallary gowaça ekişine taýýarlanylýar

Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda öňde duran gowaça ekişine taýýarlyk görülýär.  Welaýatda şu döwre çenli bar bolan gowaça ekijileriň 325-si, kultiwatorlaryň 1094-si, dişli boronalaryň 7898-si, malalaryň hem 552-si doly abatlanylyp, taýýarlyk nyzamyna goýlupdyr. Abatlaýjylar welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň düzümindäki bölümlerine degişli bolan, gowaça ekişinde işlediljek «CLAAS» kysymly traktorlaryň 300-e golaýyny abatlamagyň hötdesinden geldiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.