"Lebapörisuwuň" hünärmenleri geçen ýyl täze guýularyň ikisini gazdylar

09.01.2021 122
"Lebapörisuwuň" hünärmenleri geçen ýyl täze guýularyň ikisini gazdylar

Geçen ýyly «Lebapörisuw» abatlaýyş-ulanyş edarasynyň ussalary üstünlikli tamamladylar. Olaryň zähmeti bilen Hojambaz we Çärjew etraplarynyň çägindäki öri meýdanlarynda täze guýularyň ikisi gazyldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär. Şeýle hem olar hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý ýylynda ulanyşdan galan 10 guýynyň durkuny täzeläp, olary gaýtadan ulanmaga berdiler. Edaranyň toparlary, esasan, Çärjew etrabyndaky «Serdar» we Döwletli etrabyndaky «Tallymerjen» maldarçylyk toplumlarynda işlediler. Täze ýyla hem ýokary depgin bilen girişen guýy ussalarynyň öňünde uly maksatlar bar. Şolaryň esasylarynyň hatarynda bolsa guýulary seýrek öri meýdanlarynda täze guýulary gazmak bolup durýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.