Medeniýet hepdeligi ― 2021: «Gül ― BIlbil» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy

26.06.2021 71
Medeniýet hepdeligi ― 2021: «Gül ― BIlbil» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy

Medeniýet hepdeliginiň üçünji gününde Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda «Gül-Bilbil» operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. «Gül-Bilbil» operasy türkmen halkynyň dessançy şahyry Abdylla Şabendäniň adybir dessanynyň esasynda paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyryldy. Eseriň awtorlary milli opera sungatynyň däplerine hormat goýmak arkaly, onuň häzirki zaman tomaşaçylarynyň isleglerine laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalary edipdirler. Täze opera eserinde teatr sahnasyna mahsus bolan mümkinçilikler giňden peýdalanylýar. Onda hor çykyşlary horeografiýa pursatlary bilen utgaşýar. Sazlaryň utgaşmagy, olaryň milli halk döredijiligine ýakynlygy, meşhur halk heňleri, aýdymlar opera çykyşlarynyň ýatda galyjy bolmagyny üpjün edýär. Ýaş artistleriň ýakymly owazlary, ertekilerdäki pursatlaryň çylşyrymlylygy, eseriň gahrymanlarynyň kaşaň lybaslary hem-de sahnanyň köpugurly bezegi wakalara uly öwüşgin çaýýar. Täze operada çeper döredijilik gözlegleri şowuna düşüpdir. Milli opera sungatynda ilkinji gezek ulanylýan wideogörnüşler teatr dramaturgiýasyny has-da baýlaşdyrýar. Gadymy binagärlik ýadygärlikleriniň şekilleri, deňiz görnüşleri sahna eserine özboluşly öwüşgin berýär. Bu esere Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň döredijilik toparlary, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary, Döwlet hor toparynyň wekilleri hem çekildi. M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üçünji ýyl talyby orkestre ussatlyk bilen dirižýorlyk etdi. Şeýlelikde, ussatlaryň we ýaşlaryň bilelikdäki topary milli sungatyň iň gowy däplerini nesilden-nesle geçirmek ýörelgelerini ýene bir ýola äşgär etdi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.