Milli mirasymyz-buýsanjymyz

29.06.2022 53
Milli mirasymyz-buýsanjymyz

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň edara-guramalarynda zähmet çekýän ýaş agzalaryň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar barada döredilýän mümkinçilikleri, ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän medeniýet hepdeligini wagyz etmek maksady bilen "Milli mirasymyz-buýsanjymyz" atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy A.Rahmanowa, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, hajy ene A.Jumaýewa, Kerki etrap häkimliginiň hünärmeni G.Abdyrahmanowa, Kerki etrap hassahanasynyň işgäri M.Çaryýewa çykyş etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.