Milli özgertmeler rowaçlanýar

29.12.2020 336
Milli özgertmeler rowaçlanýar

Tamamlanyp barýan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly ýurdumyz üçin ýakymly pursatlara baý ýyllaryň biri hökmünde kalbymyza ornady. Dünýäniň abraýly guramalarynyň seljermelerinde hem biziň ýurdumyzyň ykdysady gadamlaryna gowy baha berilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesindäki özgerişlikler, saçaklaryndaky önüm bolçulygy hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bu ugurda hem ýylyň tamany ödändigini aýdyp bolar.

Dünýä ykdysadyýetinde käbir kynçylyklaryň bökdençlikleri döredendigine garamazdan, milli ykdysadyýetimiziň ösüşlere tarap alan ugry öz durnuklylygyny saklady. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda ösüşiň senagat-innowasion ýoly kämilleşmegini dowam etdirdi: önümçilikleriň durkuny täzelemek, ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işiniň arasy kesilmedi, sanly ykdysadyýete tarap alnan ugur çuňlaşdyryldy, obasenagat toplumynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgerişlikler ýurdumyzyň kuwwatyny has berkitdi. 2018-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi we onda hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny salgy beren teklipleriniň we şolaryň esasynda Halk Maslahatynyň çykaran Kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilip başlanmagy bilen oba hojalygy has-da netijeli ösüşleriň ýoluna düşdi.

Lebap welaýatynda hem bu ýylda hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almak, düýpli özgertmeleri geçirmek hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmek boýunça öňe süren tekliplerini durmuşa geçirmek ugrunda giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirildi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Kararlary esasynda welaýatymyzda hem oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasy döredildi. Paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar üçin hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Karary esasynda 28144 gektar, 2019-njy ýylyň 18-nji oktýabryndaky Karary esasynda 78704 gektar oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasy döredilip, 99 ýyl möhlet bilen ulanmak üçin paýlanylyp berildi. Şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiren wideo şekilli iş maslahatynda hem hormatly Prezidentimiz «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda welaýatymyz boýunça daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerinden 40677 gektar meýdandan ybarat oba hojalyk maksatly ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy. Şunça möçberdäki ýerler hususyýetçilere paýlanylyp ugraldy.

Hormatly Prezidentimiziň teklipleriniň esasynda ýerleri uzakmöhletleýin raýatlara bermek, azyklyk bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryna täzeden seretmek, ýokary hilli tohum öndürmek üçin goşmaça tölegleri bellemek baradaky we beýleki köpsanly kadalar welaýatymyzyň zähmetkeşlerini ýerden bol hasyl almaga ruhlandyrdy. Munuň özi oba zähmetkeşleriniň girdejilerini hem artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk we senagat toplumlaryny ösdürmek strategiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipelerine aýratyn üns çekmegi ýöne ýerden däldir. Oba hojalygynda we senagatda döwrebap kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak, olarda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak geljekki üstünliklerimiziň çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň welaýat merkezleriniň golaýynda ýöriteleşdirilen daýhan hojalyklaryny we gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw hojalyk işlerinde ulanyljak ýer gazýan tehnikalary we buldozerleri satyn almak üçin 10 ýyl möhlete çenli ýylda 1 göterim ýeňillikli bank karzlaryny bermek, maldarçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmagyň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça aýdanlary täze ösüşlere badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde pes önümçilik görkezijileri we düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerleriniň alnyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere berilmegi baradaky teklibiniň örän maksada laýyk bolandygyny biz welaýatymyzda döredilen «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň mysalynda anyk synlap bilýäris. Kanunçylyga laýyklykda ýörite ýer gaznasynyň döredilip, iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen has gowy netije gazanýan daýhan hojalyklaryna, daýhanlara berilmegi ýeriň hasyl berijiligine örän oňyn täsirini ýetirdi. Bölünip berlen ýerleriň 70 göteriminde pagta we bugdaý ekmek, galan 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň göz öňünde tutulmagy ekin dolanyşygyny geçirmek üçin hem peýdaly boldy. Daýhan hojalyklarynyň hem-de oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndüren önümleriniň olaryň islegi boýunça öz garamagynda galdyrylmagy we erkin bahalar boýunça ýerlemek hukugynyň göz öňünde tutulmagy hem ýer eýeleriniň ýokary hasyl almaga bolan höwesine höwes goşdy.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda toprakdan bol hasyl almak önüm öndürijileri tapawutlandyrýan esasy sypat hökmünde öňe çykdy. Yhlasly zähmetiň netijelerine guwanç bilen göz aýlalyň. Üstümizdäki ýylda 130 müň gektar meýdanda ekilen gowaçadan «ak altynyň» 320 müň tonnadan gowragy ýygnalyp, Watan harmanyna goşant edildi. Döwlet tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirildi. Welaýatymyzda döwlet tabşyrygy esasynda ekilýän azyklyk ekinlerden hem bol hasyl ýygnaldy: bugdaý ekilen 130 müň gektar meýdandan 310 müň tonna, şaly ekilen 10200 gektar meýdandan 47717 tonna hasylyň ýygnalmagy ilatyň saçagynda azyklyk önümleriň bolçulygyny üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde ýeralmanyň we bag-bakja önümleriniň meýilleşdirilen hasyly artygy bilen ýygnaldy. Şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün edýän ýyladyşhanalaryň uly toplumy döredildi. Olarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanylan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Welaýatymyzda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümi döredilýär. Gök we miwe önümlerini gaplaýan kiçi kärhanalaryň sany köpelýär. Önüm öndürijileriň maksady diňe bir içerki bazar bilen oňşuk etmek däl. Önümleriň eksport ugry öňde duran maksatlaryň birine öwrülýär. Önümleri saklamak üçin häzirkizaman sowadyjy ammarlaryň ikisi guruldy. Ýerli önümçilikleriň ýene-de köpsanlysynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde 110-dan gowrak taslamanyň, şol sanda oba hojalygynda we azyk senagatynda ýüzlerçe taslamalary amala aşyrmagyň meýilleşdirilendigini hem aýdyp geçeliň. Şolaryň ep-esli bölegi welaýatymyzyň paýyna-da düşýär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan daýhanlara yzygiderli goldaw berilmeginiň netijesinde halkymyzyň saçagynda iýmit bolçulygy emele gelýär. Azyklyk önümleriniň artygy bilen ýygnalmagy, bugdaýyň daşary ýurtlara-da eksport edilmegi, milli baýlygymyz bolan pagtanyň we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasylynyň ýygnalmagy tamamlanyp barýan ýylda oba hojalygyndaky amala aşyrylan özgerişlikleriň oňyn netijeleridir. Bu üstünlikleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň daýhanlaryň halal zähmetiniň ýerine düşmegi üçin döredip berýän amatly şertleriniň durýandygyny buýsanç bilen aýdasymyz gelýär. Milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen has çuňlaşdyrylyp, giň gerimde dowam etdirilýän ykdysady syýasat geljek ýyllaryň hem üstünlikleriniň binýadyny goýýar.

Ilmyrat Allaberdiýew,

žurnalist.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.