Saýat etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň şalyçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

20.11.2021 21
Saýat etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň şalyçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Saýat etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň şalyçylary bolsa 361 tonnadan gowrak şalyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamany etrapda ilkinji bolup, üstünlikli ýerine ýetirildi.

Daýhan birleşiginiň başlygy Annaguly Şyhmyradow şalyçylaryň iş tejribesiniň ýylsaýyn artýandygyny belleýär. Ol şu ýyl kärendeçileriň 19-synyň bu iş bilen meşgullanyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýdýar.

Saýat etraby boýunça 2160 gektar meýdanda şaly ekip, ondan 10 müň 37 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ýetişdirilen şalyny ýygnamak etrabyň daýhan birleşikleriniň 16-synda hem guramaçylykly dowam edýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.