Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI

19.07.2021 12
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda täze hünär açyldy. 2021 ― 2022-nji okuw ýylyndan başlap, bu baýry ýokary okuw mekdebinde zähmet we tehnologiýalaryň esaslary hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylar. Täze hünär boýunça okuwlar tölegli esasda bolar. Bu hünäriň dalaşgärlerinden giriş synaglary türkmen dili we edebiýaty, matematika we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça alnar. Ýeri gelende aýtsak, täze okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebinde býujet esasynda 8, tölegli esasda 9 ugur boýunça dalaşgärler okuwa kabul ediler. Institutda giriş synaglary 1 ― 14-nji awgust aralygynda bolar. Türkmen metbugatynda şu ýyl ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 32-siniň açylandygy barada habar berildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.