Şu ýyl Lebap gaz turbinaly elektrik bekedi we TOP howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegi ulanylmaga berler

27.01.2021 93
Şu ýyl Lebap gaz turbinaly elektrik bekedi we TOP howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegi ulanylmaga berler

Şu ýyl Türkmenistanyň Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini hem-de Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan howa elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi. Olaryň ulanylmaga tabşyrylmagy Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmaga hem-de Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.