«Türkmen gündogary» gazetinde yglan edilen döredijilik bäsleşikleriň jemleri jemlenildi

07.10.2021 133
«Türkmen gündogary» gazetinde yglan edilen döredijilik bäsleşikleriň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti hem-de welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Garaşsyzlyk — baky bahar, ak Aşgabat — merjen şäher», şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Garaşsyzlyk — ösüşleriň ganaty, parahatçylyk we ynanyşmak — Arkadagyň ýörelgesi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi, diýip «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Aşakdakylar «Garaşsyzlyk — baky bahar, ak Aşgabat — merjen şäher» atly bäsleşiň ýeňijileri diýlip yglan edildi: Oral Temirow, Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy. Gülüstan Hudaýarowa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri. Hurmagül Rejebowa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy. Gülzar Bekmyradowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Döwletli etrap geňeşiniň esasy hünärmeni. Jemal Rozyýewa, Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy. Alym Joraýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby. Öwez Gurbanýazow, Darganata etrabynyň Darganata şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner. Şageldi Salyhow, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy. Aýnur Aşyrowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby. «Garaşsyzlyk — ösüşleriň ganaty, parahatçylyk we ynanyşmak — Arkadagyň ýörelgesi» atly döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri: Muhammet Allaberdiýew, Köýtendag etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy. Bagtyýar Haknazarow, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy. Aýnur Nurmuhammedowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby. Hemra Täçgylyjow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy. Enejan Atajanowa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby. Şöhrat Jodiýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Döwletli etrap komitetiniň bölüm müdiri. Bazar Şalyýew, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner. Aýgözel Garlyýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby. Sabina Joraýewa, Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.