Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýyllyk meýilnama ýerine ýetirildi

23.11.2021 10
Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýyllyk meýilnama ýerine ýetirildi

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri fabrigimiz boýunça 33 million 347 müň 800 manatlyk önüm öndürildi we ýyllyk meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.

Kärhana boýunça ýylyň dowamynda 28 million manatlyk önüm öndürmek meýilleşdirilipdi. Bu ýerde öndürilen ýüplükler Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlara eksport edilýär. Şu ýylyň başyndan bäri nah ýüplükleriň 1846 tonnasyny şol ýurtlara iberildi.

Geçen ýyl meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürilipdi. Bu barada «Türkmen gündogary gazetinde habar berilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.