Türkmenabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyna saýlawlarda ses bermek üçin saýlaw uçastogy işlär

09.09.2021 26
Türkmenabat şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyna saýlawlarda ses bermek üçin saýlaw uçastogy işlär

Russiýalylaryň Döwlet Dumasyna saýlawlarda ses bermekleri üçin Türkmenistanyň bäş şäherinde saýlaw uçastoklary guralar. 

Uçastoklar Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda işlärler. Aşgabatda ol «Rus öýüniň», Türkmenbaşy şäherinde RF-niň konsullygynyň jaýlarynda açylar. Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda şu şäherleriň edara jaýlarynda bolar. Ses bermeklik sagat 08.00-dan 20.00-a çenli dowam eder.

Döwlet Dumasynyň sekizinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawy üç günüň dowamynda — 17-nji, 18-nji we 19-njy sentýabrda geçiriler. Aşaky palata saýlawlar bilen bir günde RF-niň dokuz subýektiniň baştutanlarynyň (ýene üç sebitde ýokary edara ýolbaşçylaryny kanun çykaryjy ýygnaklarda saýlarlar) we 39 sebitiň parlamentiniň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.