Türkmenabatdan Moskwa we yzyna howa arkaly yzygiderli ýük gatnawy amala aşyrylar

15.10.2021 148
Türkmenabatdan Moskwa we yzyna howa arkaly yzygiderli ýük gatnawy amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy «Türkmenabat — Moskwa — Türkmenabat» ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyrmaga başlaýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň «Wkontakt» jemgyýetçilik torundaky habara görä, üstümizdäki aýyň 14-den başlap, her hepdäniň penşenbe günlerinde ýük gatnawy meýilleşdirýär. Ýük gatnawy 2022-nji ýylyň 26-nji martyna çenli dowam eder.

Т5-795 belgili ýük gatnawyny amala aşyrýan uçar, Türkmenabat şäherinden 5:30-da, Moskwa şäherinden bolsa 8:30-da uçar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.