“Türkmenistanda 12 ýyllyk bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde

11.05.2021 51
“Türkmenistanda 12 ýyllyk bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde

   Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda 12 ýyllyk bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşen 30-njy orta mekdebinde onlaýn çäre geçirildi. Mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Dünýägözel Haýrullaýewanyň guramagynda geçirilen bu çäre Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň göni ýaýlyma birikmeginde “Magtymguly, adyň dillerde dessan” ady bilen geçirilip, türkmeniň genial şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy Lebap Hudaýberdiýewanyň okuw otagynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligine bagyşlap taýýarlan sergisi beýik akyldara çuňňur hormatyň nyşany boldy. Lebap we Balkan welaýatynyň okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary we çeper okaýyşlary döwrüň belent ruhy bilen utgaşdy. Çuňňur mazmunly gysgajyk sahnalarda akyldar şahyryň öwüt-ündewleri okuwçylaryň kalbynda ynsanperwerlik duýgularyny kämilleşdirdi. Dünýä dillerinde ýaňlanan şygyrlary Magtymgulynyň akyl-paýhasynda millet çäginiň ýokdugyny subut etdi. Magtymguly barada dünýä halklarynyň garaýyşlary düşürilen wideoşekiller hem dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

   Onlaýn arkaly geçirilen “ Magtymguly, adyň dillerde dessan” edebiýat agşamyna welaýatyň Baş bilim müdirliginden we şäheriň beýleki mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Olar welaýatlaryň arasynda geçirilen bu edebiýat agşamyna uly baha berdiler. Genial şahyryň 300 ýyllyk ýubileýine gatnaşyjylar şeýle eşretli zamananyň ajaýyp mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.