Türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewa Agyr atletika boýunça 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň altyn medallary gowşuryldy

11.03.2021 227
Türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewa Agyr atletika boýunça 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň altyn medallary gowşuryldy

10-njy martda Aşgabatdaky Olimiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, türgen Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň iň ýokary derejeli baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmen türgeni bu baýraga 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça mynasyp boldy. Ol dünýä çempionatynda 45 kg agramda çykyş etdi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.