Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşyklar guraldy

23.11.2021 8
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri bilen duşuşyklar guraldy

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Lebap welaýatynda bu jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen duşuşyklar guraldy.

Duşuşyklar Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynyň merkezi şäherlerinde, Türkmenabat şäherinde, «Farap» şypahanasynda, Çärjew etrabyndaky 39-njy orta mekdepde we Dänew etrabynyň merkezi medeniýet öýünde guraldy.

Duşuşyklarda edilen çykyşlarda hem bellenilişi ýaly, taryha altyn harplar bilen girmäge mynasyp «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly ýurdumyzyň gündogar sebitiniň bagtyýar ýaşaýjylary üçin hem düşümli wakalara beslendi. Şu ýyl ýurdumyzda açylyp, ulanylmaga berlen 70-e golaý iri desganyň bir bölegi Lebap welaýatynda guruldy. Olaryň hatarynda «Malaý» gaz gysyjy desgasy, Kerki Halkara howa menzili, «Türkmeniň ak öýi» binasy, «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ikinji tapgyrdakysy, Türkmenabatda 614 maşgala üçin gurlan täze ýaşaýyş-jaý toplumy ýaly has iri desgalar hem bar.

Çykyş edenler 2022-nji ýyly mynasyp atlandyrmak babatynda tekliplerini hem öňe sürdüler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.