"Ussat pileçi" bäsleşiginiň netijeleri

24.05.2022 53
"Ussat pileçi" bäsleşiginiň netijeleri

      Lebap welaýat häkimligi tarapyndan yglan edilen "Ussat pileçi" atly bäsleşikde ýokary netijeleri gazanyp, iň köp pile tabşyran etrap, daýhan birleşigi we ýüpekçi yglan edildi. Pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny 110,7 göterim berjaý eden Kerki etraby ýeňiji boldy. Halaç etrabynyň "Soltanýazgala" daýhan birleşiginde pile tabşyrmak boýunça meýilnama 152,4 göterim berjaý edildi. Bu gazanylan ýokary görkeziji esasynda hojalyk "Öňdebaryjy daýhan birleşigi" diýlip yglan edildi. Halaç etrabynyň Halaç şäherinden Begenç Çaryýewiň 162 gram ýüpek gurçugyny idedip, gazanan netijesi hem örän ýokary boldy. Ol şonça ýüpek gurçugyndan 610 kilogram pile ýygnap, welaýatyň ýüpekçileriniň arasynda ýylyň ussat pileçisi diýlip yglan edildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2022 Ähli hukuklary goralan.