«Watandyr gursakda şirin janymyz» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

05.05.2021 43
«Watandyr gursakda şirin janymyz» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

   Dänew etrabynyň merkezi kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň bilelikde guramaklarynda etrabyň medeniýet öýünde «Watandyr gursakda şirin janymyz» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

   Çäräniň dowamynda etrabyň medeniýet işgärleriniň hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky rowaýatlar esasynda taýýarlan sahnalary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýaş şahyrlaryň döreden «Arkadagly nesliň ýürek buýsanjy» atly goşgular çemeninde ajaýyp zamanamyzyň üstünlikleri wasp edildi. Partiýanyň işjeň agzalarynyň we kitaphana işgärleriniň çykyşlarynda hem halkymyzyň beýik taryhy hakynda gürrüň edildi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.