«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň saýlama tapgyrlary geçirildi

19.07.2021 11
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň saýlama tapgyrlary geçirildi

Lebap welaýatynyň etraplarynda we Türkmenabat şäherinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň saýlama tapgyrlary geçirildi. Olara zehinli ýaş aýdymçylar gatnaşdylar. Olar türkmen kompozitorlarynyň dürli döwürlerde döreden eserlerini, halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Ýeňijiler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Onda ýeňiji bolanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine her ýyl zehinli ýaş ýerine ýetirijileriň ýüzlerçesi gatnaşýar. Onda zehinli aýdymçylar ýüze çykarylýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.