“Zehinli ýaşlar” döredijilik bäsleşigi geçirildi

06.06.2021 16
“Zehinli ýaşlar” döredijilik bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Bilim Ministirligi Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde “Zehinli ýaşlar” döredijilik bäsleşigini geçirdi. Döredijilik bäsleşiginiň baş maksady welaýatynyň uly ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça zehinlilerini saýlamakdan ybarat boldy. Iňlis hem-de nemes dilleri boýunça zehin synagyndan geçen okuwçylar üç tapgyrda ýaryşdylar. Olar daşary ýurt dilinde Watan waspyny açýan goşgulary çeper okamakda, grammatiki düzgünlerden ybarat bolan barlagnamany çözmekde, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” temasynda bagyşlanan prezentasiýasyny görkezmekde bäsleşdiler. Döredijilik bäsleşiginiň gatnaşyjylary ýokary derejede taýýarlykly gelendigini subut etdiler. Netijede, Çärjew etrabynyň 31nji orta mekdebiniň okuwçysy Şirin Astanowa, Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşen 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Baýmuhammet Baltaýew, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Resul Ödäýew ýokary derejelere mynasyp boldular. Olar Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde ylym-bilimli bolmagy ugrunda edýän aladalaryna jogap edip, daşary ýurt dillerini öwrenmekde yhlas edýändiklerini görkezdi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.