“Bagtyýar döwrüň zehinli nesilleri!” ady bilen geçirilýän ýaşlar bäsleşigi

21.04.2021
“Bagtyýar döwrüň zehinli nesilleri!” ady bilen geçirilýän ýaşlar bäsleşigi


Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 7-11-nji synplaryň arasynda zehinine görä her kim özüniň ukyp başarnygyny açyp görkezmek “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli “Bagtyýar döwrüň zehinli nesilleri!” ady bilen geçirilýän ýaşlar bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY.

    Hormatly Prezidentimiziň: “Çagalar, siz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim-ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz” diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde ,,Bagtyýar döwrüň zehinli nesilleri!” atly bäsleşigini welaýatyň orta mekdepleriniň 7-11-nji synplaryň arasynda yglan edilýär. Şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, bilimlerini kämilleşdirmekden, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan we olary goldamakdan, olaryň ählitaraplaýyn kämil nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr. Şu bilen baglylykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň dürli ugurlarda başarnygyny açyp görkezmek üçin welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 7-11-nji synplaryň arasynda “Bagtyýar döwrüň zehinli nesilleri!” ady bilen zehin bäsleşigi geçirilýär.

Şertleri:
1. Ýaş zehinliler hersiniň öz zehinine baglylykda ukyp başarnyklaryny görkezmekleri (okuwçy ýaşlar täsin bilgirlik, döredijilik bilen bagly, sungat işi bilen bagly, ýatkeşliginiň, çalasynlygynyň, sporta ukyplygynyň başarnyklaryny açyp görkezilmegi) wagt çäklendirilmeýär. Gatnaşyjylar ene-atasynyň, mugallymynyň zehinliniň täsin başarnygyny nirden, kimden öwrenendigi barada tanyşdyrmasy wagty (3-5 minut)

Geçiş tertibi:
     1-nji tapgyr 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 26-syndan maý aýynyň 7-i aralygynda orta mekdeplerinde geçirilýär we ýeňijiler şäher we etrap tapgyrynda bäsleşýärler.
     2-nji tapgyr 2021-nji ýylyň maý aýynyň 10-15-i aralygynda şäher we etraplarda geçiriler. Bu bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrynda 1-2 oruna mynasyp bolan zehinliler welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar.
     3-nji tapgyr 2021-nji ýylyň maý aýynyň 17-21-i aralygynda geçiriler.
    Gatnaşyjylaryň dogulyş hakyndaky şahadatnamalary ýanynda bolmaly. Gatnaşýan okuwçy ýaşlaryň çykyşlaryna welaýatymyzyň dürli ugurlary boýunça mynasyp baha bermek üçin eminler topary döredilmeli. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Gatnaşýan ähli zehinlilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşi: 8.422-2-16-50 , 8.422-2-24-86

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.