Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2022-2023-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär. Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlary 2022-nji ýylyň 16-24-nji maýy aralygynda kabul edilýär: Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
— umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
— COVID-19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we seçip alyş işi 2022-nji ýylyň 27-30-njy maýy aralygynda şu aşakdaky bilim edaralarynda geçirilýär:
— Lebap welaýatyndan dalaşgärler üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7-nji jaý, tel.: (+993 422) 3-66-30, 3-65-87.
Türkmenistanda Täze, 2021-nji ýylda ilkinji bäbekleriň biri Lebap welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi. Oglanjyk täze...
Olar çörek önümleriniň dürli görnüşleriniň ilatyň saçagynda bol bolmagyny gazanýarlar. Çörek bişirijiler ýylyň başyndan bäri çörek we çörek önümlerini...
Ýurdumyzyň gündogar künjeginde ýerleşýän Köýtendag diňe bir özüniň owadan dereleri, täsin tebigaty we syrly gowaklary bilen däl, eýsem, takmynan, 150...
Tamamlanyp barýan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly ýurdumyz üçin ýakymly pursatlara baý ýyllaryň biri hökmünde kalbymyza ornady. Dünýäniň abraý...
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-d...