Türkmenistanyň howa menzillerinde ýük ugratmak boýunça täze hyzmat ýola goýuldy

11.02.2021
Türkmenistanyň howa menzillerinde ýük ugratmak boýunça täze hyzmat ýola goýuldy

Türkmenabadyň halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynda we ýük terminalynda ýurduň ähli welaýatlaryna ýük ugratmak hyzmatynyň ýola goýlandygy habar berildi. Şeýle hyzmat ýurduň beýleki howa menzillerinde hem elýeterlidir. Bildirişde hem ýazylyşy ýaly, ýurduň içine dürli görnüşli ýükleri ugratmak isleýän ildeşlerimiz menzil bilen habarlaşyp bilerler. Türkmenabadyň halkara howa menzilinden «Turkmenportala» berlen maglumata görä, mundan beýläk adamlar nähilidir bir poçtany başga bir şähere ugratmak üçin uçarlaryň ýolagçylaryna ýüz tutmaly bolmazlar. Munuň üçin ýörite bölüm işläp başlady. Indi howa menziliniň ýolagçy terminalynda agramy 5 kilograma çenli, ýük terminalynda bolsa has ýokary agramly ýükleri olaryň eýesi degişli şähere gitmese-de ugradyp bolar. Menziliň ýörite hünärmenleri ýükleri resminamalaşdyrar we ýük bellenilen şäheriň howa menziline barar.

Türkmenabadyň halkara howa menziliniň salgysy: Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi.

Doly maglumat almak üçin: +993 422 9-45-52.

E-mail: cargo.turkmenabat@online.tm

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.