Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky özüniň täze «Cash back» sylaglandyrmak hyzmatyny hödürleýär

09.01.2021
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky özüniň täze «Cash back» sylaglandyrmak hyzmatyny hödürleýär

2021-nji — Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli bankymyza degişli «Altyn Asyr» we «Maşgala» bank kartlaryna 2020-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 31-nji dekabryna çenli mebel we durmuş tehniki serişdeleri üçin söwda nokatlarynda nagt däl görnüşinde (şol sanda «E-kommersiýa» we mobil programma üpjünçilikleri arkaly) hasaplaşyklar geçirilende, her bir geçirilen amalyň möçberinden 3 göterim «Cash back» sylaglandyrmak maksatnamasy girizildi. Bu hyzmatyň çäklerinde «Altyn Asyr» we «Maşgala» bank kartlaryndan her bir geçirilen nagt däl amalyň 3 göteriminiň bankymyz tarapyndan müşderileriň kart hasabyna höweslendiriş sylagy hökmünde yzyna gaýtarylyp berilýändigini habar berýäris. «Cash back» sylaglandyrmak hyzmatyň düzgünleri bilen Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň tbbank.gov.tm web sahypasy arkaly tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:(+993 422) 3-68-14, 3-63-47.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.