“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine 071 tehniki goldaw hyzmatyny ýola goýdy.

27.12.2020
“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy öz müşderilerine 071 tehniki goldaw hyzmatyny ýola goýdy.

Islendik raýat 071 belgä jaň edip biler we: 071 belgä jaň etmek arkaly şulary edip bilersiňiz: Uzak aralyga ýa-da halkara jaňlary sargyt edip bilersiňiz; “09” goldaw hyzmatyna meňzeş kömek üçin maglumatlary alyp bilersiňiz; “Türkmentelekom” müşderileri –telefon, internet, kabelli teleýaýlymlar üçin hyzmatlardan peýdalanyp bilerler Operatorlarymyz gelýän jaňlara jogap berip, müşderileriň haýyşlaryny degişli bölümlere ibererler. Jaň edýän müşderi diňe gerekli hyzmaty ýa-da näsazlygyň görnüşini düşündirmegi ýeterlikdir. “Birinji tapgyrda” tehniki çylşyrymlylyk derejesine görä müşderiniň islegi kanagatlandyrylýar. Ýönekeý ýüze çykan näsazlyklar haýal etmän ýerinde çözüler, çylşyrymly näsazlyklar bolsa ýokary bilimli inženerlere iberiler Müşderilerden gelýän jaňlar awtomatiki usulda ýöredilýär we “Online tehnik” mobil programmasyny ulanýan tehniklere geçirilýär. Kompaniýamyzyň ussat tehnikleri programma arkaly gelýän takyk maglumatlary alarlar, ýagny: müşderiniň salgysy, telefon belgisi şeýle-de düzedilmeli kemçilikleri we ş.m. Tehnik, salgy boýunça hereket edip, ýüze çykan näsazlyklary düzeder we bu işi tamamlamak üçin akylly programma dört belgili kody girizmeli bolar. Bu koduň siziň, şahsy özüňize beriljekdigini ýatladýarys! 071 tehniki goldaw hyzmaty müşderiler üçin gije-güngiziň dowamynda elýeterlidir. Tejribeli operatorlar “Türkmentelekom” okuw merkezinde ýörite bilim we tälim aldylar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.