Zyýanly endiklerden daşda durmak

09.07.2021
Zyýanly endiklerden daşda durmak

     Sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak hem-de sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmek, ynsan saglygyna, ýaş nesilleriň röwşen geljegine, maşgala ojaklarynyň agzybirligine, mäkämligine howp salýan zyýanly serişdeleriň, ýaramaz endikleriň, neşekeşligiň, temmäki önümleriniň ýüze çykmagynyň, ýaş nesliň arasynda öz janyna kast etmeleriň öňüni almak maksady bilen ýörite meýilnama esasynda Lebap welaýat häkimliginiň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda welaýatyň şäherdir-etraplarynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar.

     Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrýan il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli beýik özgertmeleri, döwletimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty, her birimiziň baş ýörelgämize öwrülen „Döwlet adam üçindir“ diýen şygar esasynda alnyp barylýan işleriň gerimi has-da giňelýär.

     Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, düýpli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar, asuda, eşretli durmuşynyň kepilnamasydyr. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemala gelýän Halkara hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki ýeten derejesi biziň döwletimizi galkyndyrýar, başymyzyň täjine deňeýän eziz, mähriban Watanymyza, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly, öňden görüji Gahryman Arkadagymyza buýsanç duýgularyny artdyrýar.

     Çagalarymyzyň oňat terbiýeli, ylymly, bilimli, sowatly adamlar bolup ýetişmekleri üçin Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan dünýäni haýran edýän uly işler amala aşyrylýar.

     Ýokarda bellenenleri ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak, soňky döwürde ýüze çykýan ýetginjekleriň arasynda öz janyna kast etmeleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak sagdyn nesili kemala getirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri 2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýünde, 3-nji iýulynda Dänew etrabynyň Dänew şäher medeniýet merkezinde, Dänew etrabynyň Isbaz oba medeniýet öýünde, 5-nji iýulynda Darganata etrabynyň Darganata şäher medeniýet merkezinde, Darganata etrabynyň Gazojak şäherinde, 6-njy iýulynda Halaç etrabynyň Garabekewül şäher medeniýet merkezinde, Halaç etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirildi. Şeýle çäreler welaýatymyzyň beýleki şäher-etraplarynda hem meýilnama esasynda geçirilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi web saýty © 2020 - 2021 Ähli hukuklary goralan.