2023/2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 21-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Okuw mekdebi alty sany hünär boýunça hünärmen taýýarlaýar:
- awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek;
- awiasiýada gatnawy guraýyş;
- ýangyna garşy goragyň guralyşy we tehnikasy;
- howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy;
- howa menzilleriniň elektrotehniki yşyklandyryş ulgamynyň tehniki taýdan ulanylyşy;
- uçarbelet.
Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl, dalaşgärleriň ýaşy 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.