Köýtendag etrabynda kitap hepdeligi geçirildi
Köýtendag etrabyndaky 40njy çagalar bakja-bagynda kitap hepdeligini guradyk. Oňa gatnaşan etrapdaky çagalar baglarynyň terbiýeçileri hem-de enekeleri kitabyň çaga terbiýesindäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.
«Kitabyň durmuşymyzdaky orny hem-de ähmiýeti» ady bilen geçirilen hepdelikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň hem-de ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplarynyň sergisi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen, owadan suratlar bilen bezelen ertekili kitaplardan bölekler hem çagalara okap berildi.