Lebap welaýatynda täze bilim ojaklary açyldy

Lebap welaýatynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Garagamyş geňeşliginiň Bozaryk obasynda iki gatly 600 orunlyk mekdebiň, şeýle hem Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda iki gatly 400 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp, ulanylmaga berilmegi özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.

Açylyş dabaralarynyň dowamynda binalaryň gurluşygyna gatnaşan ussat gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.