Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenabat
şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary baryp gördüler. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitap okamaga we ýakyndan tanyşmaga
isleg artýar. Ata-babalarymyz kitabyň gadyr-gymmatyny mydama belentde tutup,
bilimli, sowatly adamlara uly sarpa goýulypdyr. Adamlar geçmişde keramatly
kitaplaryň döremegi bilen söze, paýhasa sarpa goýýýan zamananyň başlanandygyny
aýdýarlar. Türkmenistanyň Prezidentniň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli
sebitlerinde döwrebap kitaphanalar gurulyp ulanylmaga berildi. Bu ýerde okamana,
ylym-bilim almana ähli şertler bar. Kitaphanada guralan kitap sergileri bolsa
has-da özüne çekiji bolup, okyjynyň ruhy islegini kanagatlandyrmaga, akyl-paýhas
çeşmesini täsin dünýä aralaşýar.