«SAGLYK – BAŞ BAÝLYK»
Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap hassahanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň hem-de Hojambaz etrabynyň hassahanasynyň bilelikde guramagynda ýaş işgärleriniň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaplarynyň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly gollanmalary düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary hakynda gürrüňler edildi. Şeýle hem baý mazmunly ensiklopediýanyň daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň eşretli, asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ergeş Abdyrahmanow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.